Germaniýanyň milli ýygyndysynyň meşhur oýunçysy Toni Kroos karýerasyny tamamlady

06.07.2024, 13:4110,055

Germaniýaly futbolçy Toni Kroos Ýewropa çempionaty – 2024-üň çärýek finalynyň Ispaniýanyň toparyna garşy oýnunda Germaniýanyň milli ýygyndysy üçin çykyş edip, karýerasyndaky soňky oýnuny geçirdi.

34 ýaşly ýarym goragçy 2023/2024 klub möwsüminden soň futboldan gidýändigini habar berdi. Ýewropa çempionaty – 2024-e gatnaşmak üçin Kroos milli ýygynda gaýdyp geldi we bu ýaryşyň karýerasynda özi üçin iň soňky boljakdygyny aýtdy.
Kroos karýerasynyň dowamynda 800-den gowrak oýna gatnaşdy, alty gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy we dört gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.