Niderlandlar Ýewro-2024-üň çärýek finalynda Türkiýeden üstün çykdylar

07.07.2024, 06:1211,608

Ýewro-2024-üň çärýek finalynda Niderlandlar Türkiýäni 2:1 hasabynda ýeňdiler. Duşuşyk Berlinde geçdi.

Niderlandlar 70-nji minuta çenli türklerden 1:0 hasabynda utulyp gelýärdiler, emma alty minutda iki gol geçirip, oýny öz peýdasyna tamamlamagy başardylar.
Türkiýeden Samet Akaýdyň (35-nji minut), niderlandlardan Stefan de Wreý (70) gol geçirdi. Şeýle hem 76-njy minutda türk goragçysy Mert Mýuldür öz derwezesine gol geçirdi.
Ýarym finalda Niderlandlar penalti tapgyrynda Şweýsariýany ýeňen Angliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk 9-njy iýulda geçer. Ertesi gün, 10-njy iýulda ikinji ýarym final duşuşygy geçiriler - Fransiýa bilen Ispaniýa oýnar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.