«Altyn asyr» dünýäniň iň güýçli futbol klublarynyň 500-ligine girdi

09.07.2024, 22:3511,408

Türkmenistanyň «Altyn asyr» futbol kluby Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy tarapyndan düzülen dünýäniň iň güýçli toparlarynyň täze reýtinginden ýer aldy. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň wekili reýtingde ýeke-täk türkmen futbol kluby boldy.
2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2024-nji ýylyň 30-njy iýuny aralygyndaky döwri öz içine alýan reýtingde "Altyn asyr" 420-nji orny eýeledi. Belläp geçsek, geçen ýyl türkmen kluby bu sanawda 428-nji orunda ýerleşipdi.
Maglumat üçin, Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy tarapyndan yglan edilen dünýäniň iň güýçli toparlarynyň täze reýtinginde Ispaniýanyň «Real» kluby 371 utuk bilen birinj orny eýeledi. Şeýle-de ilkinji bäşlikde «Mançester Siti» (Angliýa), «Baýer» (Germaniýa), «Atalanta» (Italiýa) hem-de «Borussiýa» (Dortmund, Germaniýa) ýaly toparlaryň ady bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.