Britan bezegçileri Land Rover Defender-i, Range Rover-i we Range Rover Sport-y täzelediler

15.07.2024, 13:565,038
1 / 3

Urban Automotive iňlis týuning-atelýesi üç sany üýtgedilen Land Rover ulagyny – Defender-i, Range Rover-i we Range Rover Sport-y hödürledi. Taslamalar ilkinji gezek  Gudwuddaky Tizlik festiwalynda görkezildi.

Range Rover Sport týuningiň iki görnüşini aldy: Narrow we Widetrack. Paketleriň ikisi hem bamperleri, gapdal obwesleri we kapot çalyşmaklygy, şeýle hem ulaldylan ganaty oturtmagy öz içine alýar. Widetrack goşmaça ganaty giňeldijiler bilen enjamlaşdyrylandyr. Obwesiň ähli elementleri karbondan ýasalýar.


24 dýuýmlyk Vossen diskleri we täze gaz çykaryş ulgamy daş görnüşiniň üstüni ýetirýär. Salonynda standart oturgyçlaryň ýerine Recaro sport oturgyçlary goýlan. Tehniki taýdan gowulaşmalar barada hiç zat habar berilmeýär, ýöne suratlarda peseldilen podweska göze ilýär.Ş
Urban Automotive, Range Rover Sport-dan başga-da, hrom tigirli kümüşsöw Range Rover-i we V8 hereketlendirijili ýaşyl-gara Land Rover Defender 110-ny hödürledi. Defender karbon karkasda goňur deri çekilen salona we Recaro sport oturgyçlaryna eýe boldy.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.