Muhammet Ali hakynda "Beýik" atly serial çykarylar

15.07.2024, 14:198,440

Prime Video striming hyzmaty meşhur boksçy Muhammet Ali hakda “Beýik” (“Величайший”) atly serialyň çykjakdygyny habar berdi. “Krid” franşizasynyň aktýory Maýkl B. Jordan serialyň prodýuseri bolar.

Bu serialda Aliniň karýerasynyň we durmuşynyň kesgitleýji pursatlary gürrüň beriler. Bu boksçynyň maşgalasynyň gatnaşan Ali hakdaky ilkinji film taslamasydyr. Aliniň dul aýaly Lonni Ali ýerine ýetiriji prodýuser bolar.
Baş keşbi “All American: Homecoming” teleserialy bilen tanalýan Jalin Best janlandyrar. Film düşüriliş prosesi entek başlamady, şonuň üçin beýleki aktýorlar we serialyň goýberiljek senesi barada maglumat ýok.
Taslama Outlier Society, Amazon MGM Studious, Blue Monday Productions, Authentic Studios, Roc Nation, Polygram Entertainment, Universal Music Group we Grace: A Storytelling Company” kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.