«Galkynyş» gaz känindäki gaz guýularynyň buraw işleri üçin enjamlar we serişdeler satyn alnar

27.07.2024, 05:229,349

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup durýar.
Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldady hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.