Serdar Berdimuhamedow Wiola Amherdi Şweýsariýanyň Konfederasiýa güni bilen gutlady

01.08.2024, 09:561,213

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherde ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wiola Amherde tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.