Günde iň ýokary klasly iki partlama hasaba alyndy. Bu nähili bolup geçdi? (wideo)

06.08.2024, 13:1310,261
1 / 2

5-nji awgustda Günde iki sany X klasly iň ýokary partlama hasaba alyndy. Birinji partlama Aşgabat wagty bilen 18:40-da 3767 (S10W88) tegmiller toparynda bolup geçdi, onuň güýji X1.7 boldy. Russiýanyň Amaly geofizika institutynyň maglumatlaryna görä, onuň dowamlylygy 30 minut boldy we II spektral görnüşli (V=171 km/sek) radioşöhlelenme serpilmesi bilen utgaşdy diýip, IXBT habar berýär.

Ikinji partlama iki sagatdan az wagt soň, 20:27-de 3780 (S09E56) tegmiller toparynda hasaba alyndy. Onuň güýji X1.1, dowamlylygy 14 minut boldy. Alymlar ýakyn günlerde X klasly täze partlamalaryň bolmak ähtimallygy bilen ýokary Gün işjeňligini çaklaýarlar.
Amerikanyň kosmos howasyny çaklama merkezi SWPC 7-nji awgustda AR3772, AR374 we AR3780 Gün tegmilleriniň işjeňliginiň dowam etmegine garaşýar. Bu tegmiller Günde çepden saga geçip, Gün diskinde görünýän bolup galarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.