Wenesuelada bolan ýer titremesinden soň ýer 30 sm süýşdi

Şu gün, 03:141,862
1 / 2

Ýewropanyň Copernicus Sentinel-1 hemrasy 2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda bolan ýer titremelerinden soň Wenesuelanyň demirgazygynda ýeriň süýşendigini hasaba aldy. Deslapky maglumatlara görä, käbir ýerlerde ýeriň deformasiýasynyň derejesi 30 santimetre ýetdi.

Ýatlatsak, ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň (USGS) maglumatlaryna görä, ýurtda yzly-yzyna aralary 39 sekuntlyk 7,2 we 7,5 bal ululygyndaky iki ýer titremesi bolupdy. Ikisiniň hem çeşmesi uly bolmadyk ýerasty çuňlukda bolup, güýçli sarsgynlara, weýrançylyklara we pidalara sebäp boldy. Ikinji ýer titremesi 1900-nji ýyldan bäri ýurtda hasaba alnan iň güýçli ýer titremesi boldy.

Bu barlag Ýewropa Kosmos Agentligi tarapyndan sintezirlenen aperturaly radiolokator bilen enjamlaşdyrylan Copernicus Sentinel-1 hemrasy ulanylyp geçirildi. Ýer titremesinden öň we soň düşürilen suratlary deňeşdirmek, olara relýefdäki üýtgeşmeleri görkezýän interferogrammany gurmaga mümkinçilik berdi.

Iň göze ilýän süýşme zolagy Karakasdan Puerto Kabello şäherine çenli uzalyp gidýär. Iň güýçli deformasiýa paýtagtyň takmynan 20 kilometr demirgazygynda ýerleşýän La Guaýra sebitinde hasaba alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.