Hindistan bilen Nepalda güýçli ýagyşlar, suw joşgunlary we ýer süýşgünleri sebäpli azyndan 70 adam heläk boldy. Hindistanyň häkimiýetleri 56 adamyň, Nepalda bolsa 14 adamyň wepat bolandygyny mälim etdi. Reuters-iň habar bermegine görä, bulardan daşgary Nepalda ýene 11 adam dereksiz ýitdi.
Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda 25-inden 27-nji sentýabryň irdenine çenli 66,5 millimetr ýagyş ýagdy. Bu döwürde, adatça, 7,6 millimetr ýagyn düşýär. Tebigy betbagtçylyk netijesinde 46 adam zyýan çekip, müňden gowrak öýe zeper ýetdi. Halas ediş gulluklary suw basan sebitlerde işlerini dowam etdirýär, häkimiýetler ilata boldugyndan ynsanperwer kömegini paýlaýar we oba hojalygyna ýetirilen zyýanyň bahasyny kesgitleýär.
Gündogar Odişa ştatynyň pes ýerlerinde ýaşaýan 70 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere göçürildi.
Hindistanyň Merkezi suw komissiýasy ýedi ştatdaky 30 sany gidrologik gözegçilik nokadynda ýagdaýyň çylşyrymlydygyny mälim etdi. Birnäçe uly derýada, şol sanda Gang, Gandak, Kosi, Bagmati we Narmada derýalarynda suwuň derejesi howply çäkden geçdi.
Nepalda häkimiýetler ýurduň 77 etrabynyň 49-synda duýdansyz suw joşmalarynyň bolup biljekdigi barada duýdurdy. Käbir sebitlerde elektrik üpjünçiligi we aragatnaşyk hyzmatlary kesildi. Rahuganga derýasyndaky suw joşmasy kuwwaty 40 MWt bolan gidroelektrik bekediniň gurluşyna we elektrik geçiriji liniýalaryň direglerine zeper ýetirdi.
Mundan başga-da, ýurduň demirgazygyndaky Manang etrabynda 7126 metr belentlikdäki Himlung-Himal dagynyň eteginde ýerleşýän esasy düşelgäni harsaň basyp, ýerli işçileriň 10-sy dereksiz ýitdi.