Türkmenistanly lukman talyplar Belarusda tejribelik geçdiler

09.08.2024, 17:427,591

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplar topary Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde tejribelik okuwyny geçdiler.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde bellenilişi ýaly, iki hepdelik tejribelik Minsk hirurgiýa, transplantologiýa we gematologiýa ylmy-tejribe merkezinde geçdi.
Tejribelik wagtynda talyplar näsagy gözden geçirmäge gatnaşdylar, resminamalar bilen işlediler we bilimlerini tejribede amal etdiler. Ussat halypalar olara kliniki pikirlenmäni hem-de näsaglar we olaryň ýakynlary bilen aragatnaşyk etmekde başarnyklary emele getirmekde ýolbaşçylyk etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.