Lebap welaýatynda alty aýda 42 km-den gowrak täze gaz geçirijileri guruldy

14.08.2024, 13:155,185

2024-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 42 km-den gowrak täze gaz geçirijileri guruldy. Bu işler ilatly ýerleri gaz bilen üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär diýip, "Nebit-Gaz" elektron gazeti habar berýär.

Gurluşyk işlerini «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň gurluşykçylary ýerine ýetirdi. Hasabat döwründe müdirligiň hünärmenleri meýilnamany 11% artyk ýerine ýetirdiler. Taslamalary durmuşa geçirmek üçin 11,8 million manat möçberde maýa goýum serişdeleri bölünip berildi.
Turba geçirijilerini çekmek işleri Türkmenabat şäherinde, şeýle hem Dänew, Çärjew, Saýat, Darganata etraplarynda ýerine ýetirildi. Taslama Lebap
 welaýatynyň ähli etrap-şäherlerini öz içine alýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.