Dünýäde elektromobilleriň satuwy 21% ýokarlandy, emma Ýewropada isleg azalýar

15.08.2024, 14:4811,242

2024-nji ýylyň iýul aýynda elektromobilleriň dünýä boýunça satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% ýokarlandy we 1,4 million birlige ýetdi. Bu barada Anadolu agentligi Rho Motion britan barlag kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Satuw boýunça Hytaý öňdeligini saklaýar. Bu ýurtda ösüş 31%-e deň. Oňa derek, Ýewropada islep 8%-e çenli pese gaçdy.
Hytaý bazaryna satuwyň umumy möçberinden 5 million elektrikli ulag düşýär, 1,7 million ulag ÝB ýurtlarynda, Erkin söwdanyň Ýewropa assosiasiýasynda we Beýik Britaniýada, 1 million ulag ABŞ-da we Kanadada, 700 müň ulag beýleki ýurtlarda satyldy.
Satuwyň paýy şundan ybarat: 65% ulaglar dolulygyna elektrikli, 35% - gibrid.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.