Türkmen samboçylary Çolpon-Atada Dünýä kubogynyň birinji gününde 4 medal gazandylar

16.08.2024, 16:0410,483
1 / 6

Çolpon-Atada geçirilýän sambo boýunça Dünýä kubogynyň birinji gününde türkmen türgenleri dört sany bürünç medal gazandylar.

Sport sambosy boýunça Babamyrat Babamyradow 58 kilogram agram derejesindäki bäsleşikde üçünji orny eýeledi. Gambar Umarow 71 kilogram agram derejesinde şeýle üstünlige ýetdi. Söweş sambosyndan bolsa Kerim Kerimow (64 kg) hem-de Agasapar Muhadow (79 kg) dagy üçünji orny eýeledi we ýurdumyzyň baýrak gaznasyny baýlaşdyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.