Astana we Belgrad 2025-nji ýylda boks boýunça dünýä çempionatlaryny kabul eder

18.08.2024, 20:133,175

Halkara boks assosiasiýasy (IBA) 2025-nji ýylda boks boýunça dünýä çempionatlarynyň geçiriljek ýerlerini yglan etdi. Erkekleriň arasynda ýaryş maý aýynda Astanada, zenanlaryň arasynda ýaryş bolsa mart aýynda Belgradda geçiriler diýip, RIA Nowosti habar berýär.

IBA-nyň prezidenti Umar Kremlew bu ýurtlaryň saýlanmagynyň olaryň baý boks däpleri we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak başarnygy bilen baglanyşyklydygyny belledi.

“Iki ýurt hem ýaryşlary geçirmäge gowy taýýarlykly we biz dünýäniň iň gowy boksçylaryndan haýran galdyryjy sport netijelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, Kremlew belledi.

Öň, Belgrad 1978-nji we 2021-nji ýyllarda erkekleriň arasynda dünýä çempionatlaryny, Astana bolsa 2016-njy ýylda zenanlaryň arasyndaky ýaryşy kabul etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.