Ulanyjylar 2024-nji ýylyň başynda mobil güýmenje programmalaryna $3,8 mlrd sarp etdiler

20.08.2024, 23:584,109

Appfigures kompaniýasynyň gözleg maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ykjam gurluşlary ulanyjylar güýmenje programmalaryna $3,8 mlrd sarp etdiler.

Bu mukdardan $2,1 mlrd akym programmalarynyň, $0,9 mlrd bolsa TikTok ýaly gysga wideo hyzmatlarynyň paýyna düşýär.
Akym programmalary girdejini 2019-njy ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 383% ýokarlandyryp, uly ösüş görkezdi. Aýdym-saz akym programmalarynyň girdejisi 191%, gysga wideo hyzmatlarynyň girdejisi bolsa 1500% ýokarlandy. Gysga wideo hyzmatlarynyň uly ösüşi TikTok-da strimerleri sylaglamak üçin pul harçlaýan ulanyjylaryň köp bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.