NASA we British Petroleum Aýda buraw işlerini geçirmek üçin birleşýärler

21.08.2024, 01:124,210

NASA nebit-gaz kompaniýasy bolan British Petroleum (BP) bilen Aýyň barlagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşdy.

Digital Trends-yň belleýşi ýaly, bu hyzmatdaşlygyň maksady nebit ýa-da gaz tapmak däl-de, Ýeriň tebigy hemrasynda suw çeşmelerini tapmak üçin buraw tehnologiýasyny ulanmakdyr.
Gözlegçiler Aýda raketa ýangyjyny öndürmek üçin kosmonawtlary suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjek uly suw ätiýaçlyklarynyň bolup biljekdigini nygtaýarlar.
Bu buraw tehnologiýalary, geljekde Aýdan başga-da Marsda hem gözleg geçirmek üçin ulanylyp bilner.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.