Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-nyň ilçisi bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

24.08.2024, 16:183,143

23-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi.
Taraplar ylym we bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.