“Halk market” eltip bermek hyzmatyny şäheriň islendik ýerine çenli uzaltdy

26.08.2024, 19:2141,150
1 / 2

Aşgabadyň dürli künjeklerinde şahamçalary bolan “Halk market” töwereginde ýaşaýanlar üçin eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirip gelýär.

Indi “Halk marketiň” iki şahamçasy – “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezindäki hem-de “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň (Moskowski) ugrundaky “Halk marketler” eltip bermek hyzmatyny tutuş şäher içine ýerine ýetirip başlady. Eltip bermegiň bahasy 5 manat.
“Halk market” söwda nokatlarynyň ählisinde gök we bakja önümleriniň, et we süýt önümleriniň, hojalyk harytlarynyň we ş.m. giň toplumyny amatly bahalardan satyn alyp bolar. Şeýle hem marketlerde yzygiderli ýagdaýda dürli arzanlaşyklar geçirilýär.
Tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Eltip bermek hyzmaty üçin jaň edip bilersiňiz:

Instagram: halk.market

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.