EA Sports FC 25 oýnunda Garet Beýl, Janluiji Buffon ýaly meşhur ýyldyzlar peýda bolar

05.09.2024, 11:347,945
1 / 2

Electronic Arts kompaniýasy geljekki EA Sports FC 25 futbol simulýatorynda täze futbol ýyldyzlaryny hödürledi. Sekiz sany türgen Ultimate Team režiminde elýeterli bolar, şondan soň olar karýera režimine hem goşular.

Şeýlelikde, EA Sports FC 25-e meşhur derwezeban Janluiji Buffon, hüjümçi ýarymgoragçy Garet Beýl, goragçy Lilian Týuram, şwesiýaly zenan hüjümçi Lotta Şelin, zenan ýarymgoragçy Juli Faudi, zenan derwezeban Nadin Angerer, zenan ýarymgoragçy Aýa Miýama we zenan hüjümçi Marinett Pişon goşular.
EA Sports FC 25 27-nji sentýabrda PK-da we konsollarda çykar. Ýokary wersiýanyň eýeleri we EA Play hyzmatyna ýazylanlar oýna aýyň 20-sinden başlap bilerler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.