“France Football” iň gowy ýaş oýunçy adyna dalaşgärleri yglan etdi

06.09.2024, 13:048,977

“France Football” iň gowy ýaş oýunçy üçin Kopa Trophy 2024 baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. 

Kopa baýragy 2018-nji ýyldan bäri her ýyl 21 ýaşyna ýetmedik iň gowy ýaş futbolça berilýän baýrakdyr. Baýragyň gowşurylyş dabarasy “Altyn top” dabarasy bilen bir wagtda geçiriler.

Kopa Trophy 2024 baýragyna dalaşgärler:

  • Pau Kubarsi (Barselona)
  • Aleksandr Garnaço (Mançester Ýunaýted)
  • Arda Gýuler (Madridiň “Realy”)
  • Karim Konate (Zalsburg)
  • Kobi Meýnu (Mançester Ýunaýted)
  • Žoau Neweş (Benfika)
  • Sawinýo (Žirona)
  • Matis Tel (Bawariýa)
  • Lamin Ýamal (Barselona)
  • Uorren Zair-Emeri (PSŽ)

Baýrak 1958-nji ýylda “Altyn topuň” eýesi bolan fransiýaly hüjümçi Raýmon Kopuň adyny göterýär. “Golden Boy” baýragyndan tapawutlylykda, Kopa baýragy Ýewropada oýnamaýan oýunçylara hem berlip bilner.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.