Treningleri, maslahatlary, master-klaslary geçirmek üçin ýer gerekmi?

11.09.2024, 16:195,274
1 / 4

Üýtgäp durýan iş tertipde Master-klas sapaklaryny, treningleri, iş maslahatlaryny, ýygnaklary geçirmek üçin uzak möhletleýin ofis ýerlerini kärendesine alyp oturmagyň zerurlygy ýok. “Elele” koworking merkezi bu babatda sagatlaýyn, günlük ýa-da aýlyk ofisleri kärendesine alyp bolýandygyny ýatladýar.

 

“Elele” koworking merkezinde amatly şertler bilen üpjün edilen aýratyn iş otaglaryny, şol sanda VIP otaglary, ýygnak zallaryny öz zerurlygyňa görä wagtlaýyn kärendesine alyp bolýar.
Otagyň kärende töleginiň içine şeýle hem ýokary tizlikli Internet, kompýuter, çaý we kofe girýär.
Nyrhnamalar şulardan ybarat:

  • Ýygnak otaglary(uly zal): 1 sagat - 200 manat, 1 gün 750 - manat
  • Ýygnak otagy (kiçi zal):: 1 sagat - 100 manat , 1 gün - 350 manat
  • Aýratyn otag (VIP): 1 sagat - 80 manat, 1 gün - 280 manat .

“Elele” koworking merkezi şäheriň merkez ýerinde ýerleşýär. Bu hem gelip-gitmegi aňsatlaşdyrýar.
Iş wagty: 9:00-21:00 
Salgysy: Parahat 4, Balyk restorany, 4-nji gat
Telefon:
 +99363 20-19-99

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.