Türkmen pälwany alyş göreşinde Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň altyn medalyny aldy

12.09.2024, 14:2620,727
1 / 2

Kuraş boýunça türkmen pälwany Annagurban Allaberdiýew Gazagystanda geçirilýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde alyş göreşi boýunça ýaryşlarda altyn medal aldy. Ol 90 kg-a çenli agram derejesinde ýeňiji boldy diýip, THP habar berýär.

Final tutluşygynda Allaberdiýew Özbegistandan Husnidin Ruziýew bilen duşuşdy. Ýeňil bolmadyk tutluşykda türkmen pälwany 10:4 hasap bilen ynamly ýeňiş gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.