MTV Video Music Awards 2024-üň ýeňijileri yglan edildi: Teýlor Swift täze rekordlary goýdy

13.09.2024, 04:316,540

Nýu-Ýorkda geçen gije geçirilen MTV Video Music Awards 2024 dabarasynda dürli aýdym-saz kategoriýalarynda ýeňijiler yglan edildi. Dabarada iň köp baýrak alan aýdymçy Teýlor Swift boldy. Ol jemi 7 baýrak gazanyp, birnäçe rekord goýdy.

Teýlor Swift Beýonseden öňe geçip, baýragyň taryhynda iň köp sylaglanan artist boldy. Şeýle-de, ol yzygider üçünji ýyl “Ýylyň wideosy” kategoriýasynda ýeňiji boldy, bu hem ony nominasiýada alan baýraklarynyň sany boýunça rekord eýesine öwürdi – jemi 5 heýkel.
Esasy kategoriýalar:

  • ·Ýylyň artisti: Teýlor Swift
  • ·Iň gowy pop-artist: Teýlor Swift
  • ·Iň gowy täze artist: Çappell Ron
  • ·Ýylyň aýdymy: “Espresso” (Sabrina Karpenter)
  • ·Ýylyň wideosy: “Fortnight” (Teýlor Swift we Post Malone)
  • ·Iň gowy kollaborasiýa: “Fortnight” (Teýlor Swift we Post Malone)
  • ·Tomus aýdymy: “Fortnight” (Teýlor Swift we Post Malone)
  • ·Iň gowy sosial pikirli wideo: “What Was I Made For?” (Billi Aýliş)
  • ·Iň gowy trending wideo: “Mamushi” (Megan Thee Stallion feat. Yuki Chiba)
  • ·Iň gowy ikoniki çykyş: Keti Perri, 2013
  • ·Iň gowy topar: SEVENTEEN
  • ·Push-çykyş: “Easy” (Le Sserafim)

Žanr baýraklary:

  • ·Iň gowy R&B-wideo: “Snooze” (SZA)
  • ·Iň gowy hip-hop wideo: “Houdini” (Eminem)
  • ·Iň gowy k-pop wideo: “Rockstar” (Blackpink toparyndan Lisa)
  • ·Iň gowy latyn wideosy: “Mil Veces” (Anitta)
  • ·Iň gowy rok-wideo: “Human” (Lenni Krawis)
  • ·Iň gowy alternatiw wideo: “Beautiful Things” (Benson Bun)
  • ·Iň gowy afrobit-wideo: “Water” (Tyla)

Wizual we tehniki üstünlikler üçin baýraklar:

  • ·Iň gowy çeperçilik işi: “BOA” (Megan Thee Stallion)
  • ·Iň gowy wizual effektler: “Houdini” (Eminem)
  • ·Iň gowy horeografiýa: “Houdini” (Dua Lipa)
  • ·Iň gowy režissýorlyk işi: “Fortnight” (Teýlor Swift we Post Malone)
  • ·Iň gowy montaž: “Fortnight” (Teýlor swift we Post Malone)
  • ·Iň gowy operatorlyk işi: “We Can’t Be Friends (Wait for Your Love)” (Ariana Grande)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.