Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň ilçisi bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi

13.09.2024, 10:475,713

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanynyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Ilçi milli Parlamentiň düzümi we onuň köpugurly işi, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Ilçi Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.