Ýewropada 2023-nji ýylyň iň gowy awtoulagy howpsuzlyk synaglarynda iň pes netije görkezdi (wideo)

15.09.2024, 11:3314,563
1 / 2

Garaşsyz Euro NCAP guramasy täze awtoulaglaryň howpsuzlygynyň barlagynyň netijelerini çap etdi. Stellantis kompaniýasynyň Jeep Avenger awtoulagy bäşden ýyldyzdan bary-ýogy üç ýyldyz alyp, hünärmenleri lapykeç etdi. “Ýewropada 2023-nji ýylyň awtoulagy” diýen ada eýe bolan bu awtoulag arzan bahaly Dacia Duster-iň derejesindäki netijeleri görkezdi diýip, 32CARS.ru ýazýar.

Jeep Avenger uly ýaşly ýolagçylary goramakda 79%, çagalary goramakda 70%, ýol hereketiniň ejiz gatnaşyjylaryny goramakda 59% we sürüjilere kömek ulgamynda 53% bal gazandy. Modeliň esasy kemçilikleri - gapdaldan urgy bolanda 10 ýaşly ýolagçynyň döşüniň gowşak goragy we çaganyň bardygyny anyklaýyş  ulgamynyň ýoklugy.
Mundan başga-da, model pyýadalar we welosipedliler bilen çaknyşmagyň öňüni alyş synaglarynda pes netije görkezdi.
Oňa derek, Audi Q6 e-tron, Ford Explorer, XPENG G6 we Subaru Crosstrek / Impreza ýaly modeller bäş ýyldyz alyp, gowy netije görkezdiler. Renault Symbioz we Captur dört ýyldyz aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.