Raşid Meredow Hytaýyň ilçisi Sýan Naýçen bilen dușuşyk geçirdi

19.09.2024, 15:522,838

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Sýan Naýçen bilen dușuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlygyň netijeligini bellediler. Şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk meselelerine hem garaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.