Raşid Meredow ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy

19.09.2024, 21:588,840

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen bir hatarda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlaryny we ABŞ-ny öz içine alýan «C5+1» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Bu formata gatnaşyjylaryň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we ekologiýa ýaly ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlygy amala aşyrýandyklary nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.