Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça bäsleşik geçirildi

24.09.2024, 14:002,983
1 / 2

22-23-nji sentýabrda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça bäsleşigi geçirildi.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, «Gökyay» Gaznasynyň küşt muzeýiniň binasynda geçirilen küşt ýaryşyna daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri we maşgalalarynyň agzalary, küşt oýnunyň muşdaklary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Şeýle hem çäräniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, taryhyny we däp-dessurlaryny beýan edýän sergi guraldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.