Apple 12 sany Mac modelini könelişen we ulanylyşdan çykan gurluşlaryň hataryna goşdy

28.09.2024, 11:441,759

Apple kompaniýasy birnäçe kompýuterini könelişen we ulanylyşdan çykan gurluşlaryň hataryna goşdy. Könelişen gurluş adyny MacBook-yň üç görnüşi, ulanylyşdan çykan adyny alty MacBook we üç iMac aldy.

Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň Retina ekranly 13 dýuýmlyk MacBook Air-i, 2017-nji ýylyň iki Thunderbolt portly 13 dýuýmlyk MacBook Air-i we 2018-nji ýylyň dört Thunderbolt portly 13 dýuýmlyk MacBook Air-i resmi taýdan könelişen boldy.
Ulanylyşdan çykan önümleriň sanawyna şu aşakdakylar girdi:

  •  2016-njy ýylyň başyndaky Retina ekranly MacBook 12
  • 2015-nji ýylyň başyndaky MacBook Air 13
  • 2016-njy ýyldaky 2 sany Thunderbolt 3 portly MacBook Pro 13
  • 2016-njy ýyldaky 4 sany Thunderbolt 3 portly MacBook Pro 13
  • 2016-njy ýyldaky MacBook Pro 15
  • 2015-nji ýylyň başyndaky MacBook Pro 13
  • 2015-nji ýylyň ahyryndaky iMac 21,5
  • 2015-nji ýylyň ahyryndaky Retina ekranly iMac 4K 21,5
  • 2015-nji ýylyň ahyryndaky Retina ekranly iMac 5K 27

Kompaniýanyň belleýşi ýaly, önüm satmak üçin çykarylmagy 5 – 7 ýyl mundan ozal bes edilen bolsa, könelişen, 7 ýyldan gowrak wagt ozal bes edilen bolsa, ulanylyşdan çykan diýlip hasaplanylýar. Apple könelişen gurluşlary diňe ätiýaçlyk şaýlary bolan ýagdaýynda bejerýär, ulanylyşdan çykan gurluşlara Apple tarapyndan hyzmat edilmeýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.