2025-nji ýylda täze formatdaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynyň geçiriljek ýeri belli boldy

30.09.2024, 11:307,928

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň finaly ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň “Metlaýf-stedium” meýdançasynda geçiriler. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär.

FIFA ýaryşyň oýunlaryny kabul etjek 12 stadionyň sanawyny tassyklady. Sanawa “Atlanta Ýunaýtediň” öý meýdançasy, şeýle-de Maýami, Sinsinnati, Neşwill, Şarlott, Los-Anjeles, Filadelfiýa, Sietl, Waşington şäherlerindäki stadionlar we Orlandodaky iki meýdança girdi.
Ilkinji gezek täze formatda geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda geçer. Ýaryşa Ýewropadan 12 klub, Günorta Amerikadan 6 klub, Demirgazyk Amerikanyň, Afrikanyň we Aziýanyň her birinden 4 klub, Okeaniýadan bir klub we ýaryşyň ýer eýesi hökmünde ABŞ-dan bir wekil gatnaşar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.