Saglyk ätiýaçlandyryşy boýunça ýeňillikli satylýan we tölegsiz goýberilýän derman serişdeleriniň Sanawy tassyklanyldy

05.10.2024, 11:1713,192

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini has-da kämilleşdirmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi.

Resmimana laýyklykda, döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnamalary baglaşan we degişli ätiýaçlandyryş töleglerini töleýän Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet dermanhana edaralarynda bahasynyň elli göterimi möçberde ýeňillikli şertlerde satylýan derman serişdeleriniň Sanawy hem-de tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde ýerlenilýän (goýberilýän) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Sanawy tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.