Serdar Berdimuhamedow täze halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini döretmek hakynda resminama gol çekdi

05.10.2024, 12:2213,950

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän hem-de tölegli hyzmatlary ýerine ýetirýän 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi dörediler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, bu halkara merkez bellenen tertipde dörediler hem-de şu merkez hakyndaky Tertipnama bellenen tertipde tassyklanar.
Bellenilişi ýaly, bu resminama
 Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda, innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap sagaldyş-dikeldiş kömegini guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.