Bütindünýä altyn geňeşi iň uly altyn ätiýaçlyklary bolan ýurtlaryň reýtingini düzdi

07.10.2024, 11:1212,045

Global maliýe durnuksyzlygy merkezi banklary altyn ätiýaçlyklaryny ýokarlandyrmaga iterýär. Bütindünýä altyn geňeşiniň (World Gold Council, WGC) maglumatlaryna görä, sorag edilen merkezi banklaryň 29%-i 2024-nji ýylda öz altyn ätiýaçlyklaryny artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, RBK habar berýär.

Iň uly altyn ätiýaçlyklary bolan ýurtlaryň ilkinji onlugyna şu aşakdakylar girýär:

  • ABŞ: 8133,5 tonna altyn, altyn walýuta ätiýaçlyklarynyň 72,4%-i. ABŞ dünýäde altyn ätiýaçlyklarynyň göwrümi boýunça öňdebaryjydyr.
  • Germaniýa: 3351,5 tonna.
  • Italiýa: 2451,8 tonna. Ýurt altyny, esasan, altyn tokgalary görnüşinde saklaýar. Olaryň umumy sany 4,2 kg-den 19,7 kg çenli agram bilen 95 493 birlige barabar.
  • Fransiýa: 2436,8 tonna.
  • Russiýa: 2335,9 tonna. 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli Russiýada altyn ätiýaçlyklarynyň bahasy pul aňlatmasynda rekord 179,6 mlrd dollar boldy, altynyň fiziki agramy bolsa 2335,9 tonna ýetdi.
  • Hytaý: 2264,3 tonna. Resmi altyn ätiýaçlyklary Pekinde saklanýar diýlip hasaplanylýar.
  • Şweýsariýa: 1040 tonna. Ýurtda altyn ätiýaçlyklarynyň ýaşaýjylaryň sanyna rekord gatnaşygy bar. Şweýsariýa altynyň 70%-ini ýurduň içinde, 20%-ini Angliýanyň Bankynda we 10%-ini Kanadanyň Merkezi bankynda saklaýar.
  • Ýaponiýa: 845,9 tonna. Ýaponiýadaky Hisikari ýurtda ýeke-täk uly altyn känidir. Altynyň köp bölegi import edilýär.
  • Hindistan: 840,8 tonna. Hindistanda altyn ätiýaçlyklary Maharaştra ştatynyň Nagpur şäherindäki Ätýaçlyk bankynda altyn tokgalary görnüşinde saklanýar. 
  • Niderlandlar: 612,5 tonna. Ýurduň altyn ätiýaçlyklary De Nederlandsche Bank merkezi banky tarapyndan saklanýar we dolandyrylýar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.