Wladimir Putin 11-nji oktýabrda halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geler

08.10.2024, 04:4021,364

11-nji oktýabrda RF-niň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar. Bu barada onuň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde habar berdi diýip, TASS habar berýär.

Iş sapary Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça amala aşyrylar.
W.Putin türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyna gatnaşar.
Uşakowyň bellemegine görä, foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň Liderleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Agentligiň bellemegine görä, saparynyň çäklerinde Wladimir Putin Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk geçirer. Başga-da ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi mümkin.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.