GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça resminamalara gol çekildi

09.10.2024, 06:096,966

Sişenbe güni, 8-nji oktýabrda Moskwada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.
Sammit jemleli boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda:

  • 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.
  • 2025-nji ýylda Laçyn şäheri (Azerbaýjan), 2026-njy ýylda Megri şäheri (Ermenistan), 2027-nji ýylda bolsa Molodeçno şäheri (Belarus) Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.
  • 2027-nji ýyl GDA-da Hukuk aň-ýetirişiň ýyly diýlip yglan edildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.