Ýamal adidasyň täze ýüzi. “Barselonanyň” oýunçysynyň öz logotipi we butsylar hatary bolar

09.10.2024, 14:019,960
1 / 8

“Barselonanyň” 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal Adidas-yň täze ýüzi bolar. Ispaniýaly futbolçy 2024-nji ýylyň fewralynda sport eşikleri we aýakgap öndürijisi bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy diýip, Footy Headlines ýazýar.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, Adidas-yň ýolbaşçylaryny Ýamalyň çykyşy haýran galdyrdy. Kompaniýa ony brendiň ýüzi etmek kararyna geldi.
Ispaniýanyň ýygyndysynyň futbolçysynyň öz butsylar hatary, şeýle hem Lionel Messiniňki, Jud Bellingemiňki we beýleki ýyldyzlaryňky ýaly şahsy logotipi bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.