Dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylary belli boldy: Ronaldu ýene öňde

19.10.2024, 12:1115,842

Portugaliýaly Kriştianu Ronaldu yzygider ikinji we soňky on ýylda altynjy gezek dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada “Forbes” habar berýär.

Şu ýyl saud “An-Nasrynyň” 39 ýaşly oýunçysy futbol üçin rekord 285 mln dollar gazanar, şolardan 220 mln dollar meýdançada we 65 mln dollar ondan daşary. 1990-njy ýyldan bäri diňe boksçy Floýd Meýwezer bu mukdardan bir gezek geçip bildi. 
Şu möwsümde ilkinji onlukdaky futbolçylar umumylykda rekord 983 mln dollar gazanar (geçen ýyl bilen deňeşdirilende +2%), bu mukdaryň esli bölegi Saud Arabystanynyň çempionatyndaky oýunçylaryň paýyna düşer.
Girdejiler boýunça dünýäniň ilkinji 10 futbolçysy:

  1. Kriştianu Ronaldu (“An-Nasr”) - $285 mln;
  2. Lionel Messi (“Inter Maýami”) - $135 mln;
  3. Neýmar (“Al-Hilýal”) - $110 mln;
  4. Karim Benzema (“Al-Ittihad”) - $104 mln;
  5. Kilian Mbappe (“Real”) - $90 mln;
  6. Erling Holand (“Mançester Siti”) - $60 mln;
  7. Winisius Žunior (“Real”) - $55 mln;
  8. Mohamed Salah (“Liwerpul”) - $53 mln;
  9. Sadio Mane (“An-Nasr”) - $52 mln;
  10. Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”) - $39 mln.

Bu reýtingde Messi 2018-2020-nji ýyllarda birinji orny eýeledi, 2022-nji ýylda bolsa Mbappe öňdebaryjy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.