"Afrikanyň iň gowy futbolçysy" adyna dalaşgärler belli boldy: Salah we Osimhen sanawda ýok

28.10.2024, 15:068,474

Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) "ýylyň iň gowy afrikaly oýunçysy" diýen ada dalaş edýän 10 oýunçynyň sanawyny çykardy. 16-njy dekabrda "CAF Awards 2024-iň" baýrak gowşurylyş dabarasy Marakeşde geçiriler.

Daily Sports-yň bellemegine görä, bu ýagdaý dalaşgärleri geň galdyrdy, sebäbi Muhammet Salah, Wiktor Osimhen, Brahim Dias, Wiktor Bonifeýs we Nikolas Jekson ýaly tanymal futbolçylar sanawda ýok.
Şu aşakdakylar "2024-nji ýylyň iň gowy afrikaly futbolçysy" diýen ady almak ugrunda bäsleşerler:

  • Amin Gýuiri (Renn, Alşir)
  • Edmond Tapsoba (Baýer Lewerkuzen, Burkina-Faso)
  • Simon Adingra (Braýton, Kot-d'Iwuar)
  • Şansel Mbemba (Marsel, DR Kongo)
  • Aşraf Hakimi (PSŽ, Marokko)
  • Seru Girassi (Borussiýa Dortmund, Gwineýa)
  • Sofýan Rahimi (Al-Aýn, Marokko)
  • Ademola Lukman (Atalanta, Nigeriýa)
  • Willýam Trost-Ekong (Al-Kadsiýa, Nigeriýa)
  • Ronuenn Uillýams (Mamelodi Sandauns, Günorta Afrika)

Geçen ýyl "CAF Awards" baýraklaryny Wiktor Osimheni aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.