Ispaniýaly ýarymgoragçy Rodri "Altyn top" baýragynyň eýesi boldy

29.10.2024, 10:5910,228

“Mançester Sitiniň" we Ispaniýanyň ýarymgoragçysy Rodri ýylyň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan “Altyn top” (erkekleriň arasynda) baýragyny aldy.  Bu barada France Football žurnalynyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär diýip, lenta.ru ýazýar.

2024-nji ýyl üçin baýrak gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Fransiýanyň Pariž şäherindäki Şatle teatrynda geçirildi. Ýarymgoragça baýragy afrikaly "Altyn topuň" eýesi we Liberiýanyň öňki prezidenti Jorj Bea gowşurdy.
28 ýaşly Rodri 2023/2024 möwsüminde Angliýa çempionatynda we UEFA Super kubogynda "Mançester Siti" bilen ýeňiji bolup, Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen hem Ýewropa çempiony boldy.  Mundan başga-da, futbolçy 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Soňky Ýewro oýnunda Ispaniýa Angliýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Ispaniýa taryhda dördünji gezek Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.