Keýn we Mbappe Gerd Mýuller adyndaky baýraga mynasyp boldular

29.10.2024, 15:228,456

“Bawariýanyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýn hem-de Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Kilian Mbappe 2023/2024-möwsüminiň Gerd Mýuller adyndaky baýragynyň eýeleri boldular. Bu baýrak “France Football” žurnaly tarapyndan iň köp gol geçiren futbolça berilýär.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižiň Şatle teatrynda geçirildi.
Futbolçylaryň ikisi-de geçen möwsümiň jemi boýunça 52 gol girizdiler.
Bellemeli ýeri, Mbappe hem Madridiň “Realynyň” ähli wekilleri ýaly Parižde geçirilen “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gelmedi. Baýragyň gowşurylan wagty sahnada diňe Harri Keýn boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.