Özbegistanly futbolçy Faýzullaýew Aziýada ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy diýlip ykrar edildi

31.10.2024, 13:366,530

Moskwanyň “SSKA-synyň” 21 ýaşly özbegistanly ýarymgoragçysy Abbosbek Faýzullaýew Aziýada ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy diýlip ykrar edildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy Seulda geçirildi diýlip, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) X sosial ulgamdaky resmi akkauntynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň awgustynda Özbegistanyň “Pahtakor” toparyndan “SSKA-a” geçen Faýzullaýew baýrak üçin göreşde “Kamimuradan” ýaponiýaly hüjümçi Gaku Nawatadan we “Stok Sitiden” günorta koreýaly ýarymgoragçy Pe Jun Hodan öňe geçdi.
Geçen möwsümde Russiýanyň Premýer-ligasynda Faýzullaýew 32 oýunda bäş gol we 14 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Häzirki möwsümde ol 16 duşuşykda iki gol geçirdi we bäş assist etdi. Özbegistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Faýzullaýew 21 oýna gatnaşyp, dört gol geçirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.