ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy onlaýn auksion geçirýär: satuwa awtoulaglar we mebel çykarylýar

05.11.2024, 21:1518,889

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda onlaýn auksion geçirýär. Bu barada TmCars-a ilçihanada habar berdiler.

Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan awtoulaglary, mebel we birnäçe öý enjamlaryny satuwa çykarar.
Bäsleşikli söwda gatnaşyjylar https://online-auction.state.gov saýty arkaly lotlar bilen tanşyp bilerler.
Auksiona gatnaşmak isleýänler web sahypasynda öz profiliny döredip, web sahypada ýazylan auksionyň düzgünlerini ýerine ýetirmeli. Ilçihana satuwlaryň hemmesiniň gutarnykly bolmak bilen önümleriň auksionda görkezilen ýagdaýynda beriljekdigini mälim edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.