Apple ChatGPT we Genmoji integrasiýaly iOS 18.2-iň çykjak senesini yglan etdi

08.11.2024, 11:421,784

Apple iOS 18.2 täzelenmesiniň goýberiljek senesini yglan etdi. Operasiýa ulgamy 2-nji dekabrda elýeterli bolar. Kompaniýa ulanyjylaryň täze emeli aň mümkinçiliklerinden, şol sanda Genmoji awatar generatoryndan we ChatGPT-li integrasiýadan irräk peýdalanyp başlamagy üçin täzelenmäniň çykmagyny çaltlaşdyrdy diýip, Hi-tech ýazýar.

Genmoji ulanyjynyň stiline we daş keşbine baglylykda, şahsylaşdyrylan emodji döretmäge mümkinçilik berýär. ChatGPT-niň birikdirilmegi, öz gezeginde, ulanyjylara gündelik işlerde kömek eder we öndürijiligi ýokarlandyrar.
Ondan öň şuňa meňzeş x.2 täzelenmeler dekabr aýynyň ikinji ongünlüginde  goýberilipdi, emma täzelenmeleriň iOS 18.1-e çenli ýokary tizligi kompaniýa garaşmaly wagty azaltmaga mümkinçilik berdi. Bloomberg-iň seljerijisi Mark Gurmanyň berýän maglumatyna görä, iOS 18.2-iň çykmagy Apple enjamlarynda has şahsylaşdyrylan AI tejribesini döretmekde ilkinji ädim bolar.
Ulgamyň indiki uly wersiýasy bolan iOS 18.4-iň 2025-nji ýylyň aprelinde çykmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.