MEMORIAD-2024: türkmen okuwçylary Dubaýda mental sport boýunça 3 medal gazandylar

10.11.2024, 11:568,659
1 / 2

7-9-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde MEMORIAD-2024 Mental sporty boýunça Bütindünýä Olimpiadasy geçirildi.

Bäsleşige dünýäniň 35 döwletinden 180-den gowrak wekil gatnaşyp, olar ýaşlaryň we ulularyň arasynda 12 kategoriýada ýaryşdylar. Türkmenistanyň adyndan 17 mekdep okuwçysy we 2 wekil bu bäsleşikde çykyş etdi.
Türkmen okuwçylary 5 kategoriýada ussatlyklaryny görkezip, 3 medal gazanmagy başardylar.
Netijede,

  • Ogulmaral Altyýewa “6 belgili sanlardan ýatdan dereje köki çykarmak” boýunça ýaşlaryň arasynda 3-nji orny eýeläp, bürünç medal aldy;
  • Aýgül Ýusupowa “Anzan fleş-marafony” boýunça ýaşlaryň arasynda 2-nji orny gazanyp, kümüş medala mynasyp boldy;
  • Mekan Nurgeldiýew “Anzan fleş-marafony” boýunça çykyş edip, altyn medal gazanmagy başardy.

MEMORIAD 2006-njy ýylda esaslandyrylyp, mental sportuň dürli görnüşlerini öz içine alýar. Ilkinji MEMORIAD Olimpiadasy 2008-nji ýylda geçirilip, şondan bäri Olimpiýa oýunlary bilen ugurdaşlykda her dört ýylda bir gezek guralýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.