2024-nji ýylyň ýaz-güýz möwsümlerinde Türkmenistanyň nirelerinde arheologik işler geçirildi?

16.11.2024, 08:539,930

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hususan-da,

  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynda;
  • Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abu Seýit kümmetinde;
  • Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde;
  • Balkan welaýatyndaky orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar kerwensaraýynda;
  • «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV asyra degişli binagärlik ýadygärliginde;
  • Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda;
  • Mary welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan galasynda geçirilen işler barada aýdyldy.

Şeýle-de Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi.
Ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek hem-de olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň neşir edilmegi ýola goýuldy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.