“Globe Soccer Awards" baýragy ugrunda iň gowy tälimçi adyna dalaşgärler yglan edildi

16.11.2024, 19:155,968

"Globe Soccer Awards 2024" baýragynda iň oňat tälimçi diýen ugur boýunça dokuz tälimçi bäsleşýär. Olaryň bäşisi Ispaniýadan.

“Ballon d'Or" baýragyndan tapawutlylykda, “Globe Soccer Awards-yň" ýeňijileri web sahypasynda ses bermek arkaly kesgitlenýär. Baýrak gowşurylyş dabarasy Ýewropa klublary we futbol agentlikleri birleşigi tarapyndan gurnalýar.
Oňa dalaşgär tälimçileriň doly sanawy şu aşakdakylardyr:

  • Habi Alonso ("Baýer")
  • Karlo Ançelotti ("Real Madrid")
  • Mikel Arteta ("Arsenal")
  • Luis Enrike ("PSŽ")
  • Luis de la Fuente (Ispaniýanyň milli ýygyndysy)
  • Jan Pero Gasperini ("Atalanta")
  • Hosep Gwardiola ("Mançester Siti")
  • Simone Indzagi ("Inter")
  • Lionel Skaloni (Argentinanyň milli ýygyndysy).

Geçen ýyl bu ugur boýunça Hosep Gwardiola iň gowy tälimçi diýlip ykrar edildi.
Mundan başga-da, bu baýraklaryň arasynda ýylyň iň gowy kluby diýen ugur boýunça dalaşgärler yglan edildi. Bu ugurda baýrak almak üçin aşakdaky toparlar bäsleşýärler:

  • "Al-Ahli"
  • "Al-Aýn"
  • "Atalanta"
  • "Atletiko Mineiro"
  • "Baýer"
  • "Botafogo"
  • "Inter"
  • "Mançester Siti"
  • "Olimpiakos"
  • "PSŽ"
  • "Real"
  • "Sporting"

Bu ugurda ýeňiji ähli ýagdaýlaryň utgaşmasy bilen kesgitlenýär. Meýdançadaky netijelere goşmaça, futbola degişli däl dürli üstünlikler, mysal üçin, haýyr-sahawat, infrastrukturany ösdürmek we ş.m. göz öňünde tutulýar.
Baýrak gowşurylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Dubaýda geçiriler diýip, sport-express.ru ýazýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.