UEFA-nyň Milletler ligasynyň pleý-offunyň bije çekişigi: çärýek finalyň jübütleri belli boldy

23.11.2024, 11:4010,602
Nýonda (Şweýsariýa) UEFA-nyň Milletler ligasynyň häzirki ýaryşynyň dörtden bir finalynyň bije çekişigi geçirildi. Oýunlar 2025-nji ýylyň 20-nji we 23-nji martynda geçiriler diýip, TASS habar berýär.
1/4 finalyň duşuşyklary şeýle görnüşde:
  • Ispaniýa — Niderlandlar
  • Fransiýa — Horwatiýa
  • Daniýa — Portugaliýa
  • Italiýa — Germaniýa.
Şeýle-de, geçiş oýunlarynda özara oýnajak toparlar belli boldy:
  • Liga A we B: Türkiýe — Wengriýa, Ukraina — Belgiýa, Awstriýa — Serbiýa, Gresiýa — Şotlandiýa.
  • Liga B we C: Kosowo — Islandiýa, Bolgariýa — Irlandiýa, Ermenistan — Gruziýa, Slowakiýa — Sloweniýa.
  • Liga C we D: Gibraltar — Latwiýa, Malta — Lýuksemburg.
Milletler ligasy dördünji gezek geçirilýär. Häzirki çempion — Ispaniýa. Öň ýaryşda Portugaliýa (2019) we Fransiýa (2021) ýeňiji boldy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.