Goal 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmaga ýakyn toparlaryň reýtingini düzdi

25.11.2024, 07:4611,757

Futbola bagyşlanan abraýly habarlar saýty Goal.com 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi ýokary bolan 16 milli ýygyndynyň sanawyny düzdi.

Bilermenleriň pikiriçe, häzirki ýagdaýda Ispaniýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylarynyň dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak üçin uly mümkinçiligi bar.
Reýtingiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Ispaniýa
  2. Argentina
  3. Germaniýa
  4. Angliýa
  5. Fransiýa
  6. Portugaliýa
  7. Italiýa
  8. Niderlandlar
  9. Kolumbiýa
  10. Braziliýa

11 – 16-njy orunlary Marokkonyň, Horwatiýanyň, Kanadanyň, Belgiýanyň, ABŞ-nyň we Meksikanyň milli ýygyndylary eýeledi. Belläp geçsek, ýaryş ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.
Ýatlap geçsek, Argentinanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň (Katar-2022) we Amerikanyň Kubogynyň (ABŞ-2024) häzirki ýeňijisidir. Ispaniýa Germaniýada geçen Ýewro-2024-üň ýeňijisi boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.