Audi 3,0 litrlik V6 benzinli hereketlendirijisi bolan täze S5 2025 uniwersalyny çykardy

25.11.2024, 15:245,622
1 / 2

Audi kompaniýasy 2025-nji ýylyň täze  S5  sport modelini resmi taýdan hödürledi. Awtoulag indi, S4 we S5 Sportback-iň öňki wersiýalary ýaly, sedan we hetçbek kuzowlarynda goýberilmän, diňe uniwersalyň kuzowynda  hödürlenýär diýip, Motor1 ýazýar.

Modeliň agramy Ýewropa spesifikasiýasynda 1950 kg, bu köne dizel hereketlendirijili S4-den 155 kg agyr diýmekdir. Benzin hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan  S4-iň amerikan wersiýasy bilen deňeşdirilende, tapawut 190 kg-a ýetýär.
2025-nji ýylyň Audi S5-inde 365 at güýjüni öndürýän 3,0 litrlik V6 benzinli hereketlendiriji, ähli tigirleri hereketlendirýän quattro ulgamy  we sekiz tizlikli iki ssepleniýeli awtomatiki geçiriş bar.
Dizaýn agressiw stili bilen ýatda galýar. Awtoulag dört sany tüsse çykary aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.